Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady.
Forumyň esasy maksatlary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmekden, bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmekden, milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetçiliginden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy, netijeli dialogy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Bu forum BMG-niň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelýär. Onuň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Türkmenistanda geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Foruma ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän şular ýaly forumlar ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeginde, parahatçylykly ösüşe ýardam berýän täzeçil pikir-garaýyşlarydyr başlangyçlarynyň döremeginde hem örän ähmiýetlidir. Türkmen ýaşlarynyň şeýle halkara çärelere yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzda olar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň ajaýyp netijesidir. Munuň özi «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem nobatdaky aýdyň mysalydyr.
Häzirki wagtda dünýä ilatynyň agramly bölegini ýaşlaryň düzýändigi üçin olar ählumumy durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji hasaplanylýar. BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün eder.