DÜNÝÄ

BMG-niň Awaza maslahaty: Raýat jemgyýetiniň forumy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy hem geçirilýär.

Oňa BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Fatima Rabab, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Orazdurdyýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň esasy maksatlary ylmy jemgyýetçilik, raýat jemgyýeti, hususy pudak we hökümet üçin möhüm ugurlary anyklamaga, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, geljege ýol açmaga niýetlenen açyk meýdançany döretmekden, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün edýän hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, strategiýalary taýýarlamakdan, şeýle ýurtlaryň öňünde duran kynçylyklaryň innowasion çözgütlerini tapmakdan, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekden ybaratdyr.

Raýat jemgyýetiniň forumy «Adamlara gönükdirilen gurluşlaýyn özgertmeler we daşky gurşawyň durnuklylygy», «Sanly ykdysadyýet, innowasiýa we durnukly ösüş», «Maliýe arhitekturasy, syýasat we hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlislerde öz işini dowam eder.

Ýerli guramalardan başlap halkara guramalara çenli raýat jemgyýetiniň subýektleri milli strategiýalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda orunlaryň birini eýeleýärler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hem hökümetler we hususy pudak bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagyna bagly bolup durýar.

Bu forum raýat jemgyýetine dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri we esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak, çözgütleri teklip etmek hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini kesgitlemek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýene-de okaň

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler

Awaza dünýä döwletleriniň wekiliýetleriniň gelmegi dowam edýär

Mongoliýanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Türkmenbaşy şäherine geldi

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Awaza geldi

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Türkmenistana geldi

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy