Hytaýyň Çžençžou şäherindäki konweýerden Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport üçin niýetlenen 10 müňünji “Yutong” awtobusyny taýýarlady. Bu barada “Sinhua” agentligi habar berýär.
Ştab-kwartirasy Hytaýyň Henan welaýatynyň administratiw merkezi Çžençžou şäherinde ýerleşýän “Yutong” kompaniýasy ýurduň awtobus üpjün edijileriniň iň esasylarynyň biridir. Ilkinji “Yutong” awtobuslary 2005-nji ýylda Gazagystana ugradyldy.
Şu ýylyň başynda kompaniýa Türkmenistan bilen 700 sany şäher awtobusynyň iberilmegi boýunça şertnama baglaşdy.
Geçen 20 ýylyň dowamynda kompaniýa Merkezi Aziýanyň bazarynda ornuny yzygiderli pugtalandyrdy we häzire çenli bu sebite jemi 10 000 awtobus ugradyldy. Olaryň arasynda 1000-den gowragy täze energiýa çeşmelerini ulanýan awtobuslardyr.
Häzirki wagtda “Yutong” Merkezi Aziýada iň köp satylýan hytaý awtobus markasyna öwrüldi.
Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň ýolunda hereket edýän “Yutong” awtobuslarynyň köpüsi tehniki taýdan gowy ýagdaýdadygyny kompaniýa belläp geçýär.
2024-nji ýylyň maglumatlaryna görä, “Yutong” kompaniýasy 46 000-den gowrak dürli görnüşli awtobus öndürdi: şäher awtobuslary, şäherara, syýahatçylyk, mekdep awtobuslary we beýleki ýörite maksatly ulaglar. Dünýä boýunça täze energiýa çeşmelerine geçiren “Yutong” awtobuslarynyň 200 000-den gowragy satyldy. Kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy bolsa 10%-den ýokarydyr.