TEHNOLOGIÝA

Öz kosmos stansiýasyny gurýar

Russiýa öz kosmos stansiýasyny gurmak babatda degişli işleriň ilkinji tapgyrlaryny amala aşyrmaga girişdi. Russiýanyň Federal kosmos gullugynyň başlygy Dmitriý Rogozin bu habary “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan suratlar bilen mälim etdi.

Rus ygtyýarly täze kosmos stansiýasynyň gurulmaga başlanandygyny belläp, bu stansiýa üçin ilkinji modulyň üstünde işlenilip başlanandygyny habar berdi.

2025-nji ýylda bu stansiýany kosmosa çykarmagy maksat edinýändiklerini bellän Rogozin bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belledi.

Şeýle hem Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýuriý Borisow hem Russiýanyň täze stansiýa taslamasyny amala aşyrmaga öz mümkinçiliginiň bardygyny, emma taslama halkara hyzmatdaşlarynyň hem gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

 

“Sputnik V”: Argentinada öndürildi

 

Related posts

“iPhone” bilen ulagyň gapysyny açyň!

“Samsung Galaxy S25”: emeli aň, 7 ýyllyk programma üpjünçiligi goldawy we kämilleşdirilen kameralar

“Google”-yň girdejisi rekord goýdy: Paýnamalar köpeldi

Ata Watan Eserleri