DÜNÝÄ

Bekhem rysarlyk derejesine eýe bolar

Angliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Dewid Bekhem rysarlyk derejesine eýe bolar. Türgen 14-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III doglan güni mynasybetli geçiriljek baýramçylygyň çäklerindäki sylaglanýanlaryň sanawyna goşuldy. Bu barada “The Sun” neşiri habar berýär.

Bekhem bu derejä 20 ýyldan gowrak bäri garaşyp gelýär. 2003-nji ýylda ol Britan imperiýasynyň ofiserlik ordeni bilen sylaglandy. Şonda ol sporta hem-de haýyr-sahawata goşan goşandy üçin bu baýraga mynasyp bolupdy.

50 ýaşyndaky Bekhem rysarlyk derejesini alandna soňra ol ser Dewid diýlip atlandyrylar. Onuň maşgalasy hanym Wiktoriýa bolar.

Rysarlyk derejesi bilen sylaglamak dabarasy 14-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III doglan güni mynasybetli geçiriler. 1748-nji ýyldan bäri Patyşanyň doglan güni iýun aýynda geçirilýär we bu simwoliki gündür. Karl III doglan güni 14-nji noýabrdadyr.

Bekhem futbol karýerasynda Angliýanyň ýygyndysy bilen 115 duşuşykda oýnady, şeýle hem ol «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid», PSŽ, «Los-Anjeles Galaksi» we «Milan» ýaly toparlarda oýnady.

Bekhem futbol bilen bir hatarda jemgyýetçilik işleri bilen hem meşgullandy. Ol ÝUNISEF we Patyşa gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edip, bilim we daşky gurşawy goramak boýunça taslamalara goldaw berdi.

“Sports Casting” neşiriniň maglumatyna görä, Bekhem pysarlyk derejesine eýe bolan 32 futbolçy bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary