DÜNÝÄ

Tailand gözeli – “Dünýä gözeli 2025” baýragyny gazandy

Çusata Çuangsri 72 ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Dünýä gözeli” bäsleşiginde ýeňiji bolan ilkinji tailandly gözel boldy. 21 ýaşyndaky tailandyň raýaty dünýäniň dürli döwletlerinden gatnaşan 108 gatnaşyjynyň arasynda birinji bolmagy başardy.

Çusata Çuangsri halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby we şol bir wagtda moda görkezijisidir. Şeýle hem ol psihologiýa we antropologiýa bilen meşgullanýar.

Ol düwnük keselini öwrenýän halkara guramada meýletinçi bolup işledi. Öý haýwanlaryny gowy görýän tailandly gyzyň 16 pişigi we 5 iti bar.

Bäsleşigiň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, tailandly gyzyň şygary “Bir durmuşyň seniň saýaňda aňsatlaşandygyny bilýän bolsaň, üstünlik gazanmagyň manysy şundan ybarat”.

Bäsleşik Hindistanyň Haýdarabad şäherinde geçirildi. Bäsleşikde baş baýragy Tailandyň wekili gazanan bolsa, birinji orny Efiopiýadan Hasset Dereje Admassu, ikinji orny Polşadan Maýýa Klaýda we üçünji orny Oreli Žoahim eýeledi.

Ýene-de okaň

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri