DÜNÝÄ

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” birinji derejeli ordeni bilen sylaglandy.

Kremlin köşgüniň Ýekaterina zalynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Orden, medal we hormatly at bilen sylaglananlaryň arasynda harby işgärler, uçarman-kosmonawtlar, jemgyýetçilik we dini guramalaryň wekilleri, döwlet işgärleri, sazandalar, žurnalistler, köp çagaly eneler, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim we senagat pudaklarynyň işgärleri bar.

Sylag alanlaryň arasynda – Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt, Ýuriý Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Oleg Kononenko asman giňişliginde amala aşyran iş saparlary bilen dünýä rekordyny goýdy. Kosmos giňişliginde 1111 gün geçiren Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda uzak wagtlap galmak boýunça täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. Ol 5 gezek amala aşyran kosmos syýahatynyň netijesinde asman giňişliginde 1111 gün galdy. Mundan ozalky rekord 2015-nji ýylda başga bir rus kosmonawty Gennadiý Padalko tarapyndan goýlup, onuň asman giňişliginde bolan döwri 878 güne deňdir. Ol hem 5 gezke kosmos giňişligine syýahat etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy