DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.), Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanynyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Filippinler Respublikasynyň baş baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Filippinler Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde bu ýurduň Daşary işler we Syýahatçylyk departamentlerinde Ilçiniň duşuşyklary geçirildi.

Ilçi filippin tarapyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumyna we 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem, taraplar Aşgabat şäherinde syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasynda medeni we syýahatçylyk alyş-çalşygyny ösdürmek hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda işleri dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Ilçi A.Baýramow bilen Aziýanyň ösüş bankynyň Prezidenti Masato Kandanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bu iri maliýe guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu ýylda geçiriljek birnäçe çärelere gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy