DÜNÝÄ

Mintimer Şaýmiýewe Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi, Respublikanyň ilkinji Baştutany Mintimer Şaýmiýewe Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik (altyn we kümüş) nyşanlar toplumyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu waka Mintimer Şaýmiýewiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasyny baglanyşdyrýan dost-doganlyk, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna goşan goşandynyň, döwletara türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny berkitmekde hem-de ösdürmekde bitiren işleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ilçi Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisini ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan oňa saglyk we döwlet işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi