DÜNÝÄ

Türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisine gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy hem-de Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtaldy.

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy däplere ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň, sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda özara garaýyşlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş Maksatnamasy we onda meýilleşdirilen maksatlar bilen tanyşdyryldy we iki ýurduň arasyndaky dostlukly parlamentara gatnaşyklaryň uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanda täze ministrler wezipä bellendi

Döwran Saburow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi

Gazagystan Owganystanda demirýol gurluşygyna goşular