JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky taslamalar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, şäheriň çäklerinde gurulýan döwrebap seýilgähiň şekil taslamasy, onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli şekilleriň, oturgyçlaryň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow görkezilýän taslamalaryň özboluşly aýratynlyklary, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda çagalar dynç alyş seýilgähiniň kiçi binagärlik görnüşleri, Arkadag şäheriniň metjidiniň derwezesiniň we bu binalar toplumynyň ýerleşiş meýilnamasy, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeler bar. Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen täze binalaryň we desgalaryň gurluşygyna şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Ahalteke atlary şaýolunyň esasy girelgesiniň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, Milli Liderimiz bu binanyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, bu ýoldan geçýän ulaglar üçin girelgäniň kada laýyk bolmalydygyny nygtady. Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desganyň gurluşyk işlerine häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar