TEHNOLOGIÝA

Türkiýäniň ilkinji ýerli emeli hemrasy ulanmaga berildi

Türkiýe Respublikasy tarapyndan öndürilen ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasy bolan “Türksat 6A” ulanmaga berildi. Bu dabara Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda ABŞ-nyň “Kape Karnawal” kosmodromyndan “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketasy bilen asman giňişligine çykarylan “Türksat 6A” emeli hemrasynyň synag ýaýlymlary tamamlandy.

Emeli hemranyň doly görnüşde işe başlandygyna bagyşlanan dabara gatnaşan Prezident Ärdogan 80 göterimi we 84 ýerli enjamlaryň ulanylmagy bilen öndürilen emeli hemra bilen Türkiýe Respublikasy öz emeli aragatnaşyk hemrasyny öndürip bilýän 11 ýurduň biri bolandygyny belledi.

“Türksat” emeli hemralarynyň gur’ap alýan meýdany has-da giňeldilip, ol Hindistany, Tailandy, Malaýziýany we Indoenziýany öz içine alýar. Täze emeli hemranyň gulluk möhleti 15 ýyla deňdir.

Türkiýe Respublikasy 31 ýyl mundan ozal, “Türksat1B” emeli hemrasyny kosmos giňişligine çykaryp, bu ugurdaky giň gerimli işlerine badalga beripdi.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler