BILIM

Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatda Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär. Bu halkara bilim bäsleşigi  2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden 26-njy apreline çenli dowam eder. Bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň meýilnamasy öňünden düzüldi.

Aprel aýynyň üçünji ongünliginde geçirilmegi meýilleşdirilen şu gezekki halkara olimpiada daşary ýurtlaryň  14-sinden jemi orta mekdeplere wekilçilik ed­ýän okuwçylaryň 170-siniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Olar Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Wietnam Sosialistik Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar döwletiniň we beýleki dostlukly ýurtlaryň umumybilim berýän okuw mekdeplerinde bilim alýanlardyr.

Related posts

«Açyk gapylar»: Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Ata Watan Eserleri

Surdoterjime hyzmatlarynda halkara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Pandemiýa döwründe türkmen talyplarynyň sany artdy

Ata Watan Eserleri