SPORT

Salah “Liwerpulda” galýar

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli futbolçysy Mohamed Salah topary bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada iňlis toparynyň resmi saýty habar berýär.

Täze şertnamanyň möhletiniň 2 ýyldygy bellenilýär. Salahyň ozalky şertnamasynyň möhleti şu ýylyň tomsunda tamamlanýardy.

32 ýaşyndaky Salah 2017-nji ýylda Italiýanyň “Roma” toparyndan geçipid. Iňlis toparynyň düzüminde 394 duşuşykda oýnap, 243 gol geçirdi. Ol şu möwsümde 45 duşuşykda 32 gol geçirdi.

Salah bu topar bilen çempion boldy. Angliýanyň kubogyny, Super kubogyny gazandy. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony bolan Salah UEFA-nyň Superkubogyny, 2 gezek Angliýanyň liga kubogynyň eýesi boldy.

Müsürli futbolçy “Roma” we “Liwerpul” toparyndan ozal, Müsüriň “Mokawlun”, Şweýsariýanyň “Bazel”, Angliýanyň “Çelsi” we Italiýanyň “Fiorentina” toparlarynda çykyş etdi.

Aslynda Salahyň möwsümiň tamamlanmagy bilen bu topardan gitjekdigi bellenilýärdi. Saud Arabystany oňa örän gowy teklip bilen ýüzlendi.

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary