JEMGYÝET

Özbegistanda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammiti geçiriler

Şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” birinji sammiti geçiriler. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçiriljek sammite Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koştanyň, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Geljege maýa goýum” şygary astynda geçiriljek sammite Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň ýolbaşçylary hem gatnaşar.

Gün tertibine laýyklykda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köptaraply gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Esasy üns maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, innowasiýa, ýaşyl energiýa, gazylyp alynýan pudaklar, oba hojalygy, ulag, logistika we sanlylaşdyrmak pudagynda bilelikdäki maksatnamalary we hyzmatdaşlyk taslamalaryny öňe sürmek, medeniýet, syýahatçylyk, ylym, bilim we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň alyş-çalyşlary dowam etdirmek ýaly ugurlara gönükdiriler.

Wekiliýet ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alşarlar.

Şeýle hem bu sammitiň çäklerinde 4-nji aprelde Halkara howa forumy hem guralar. Mundan başga-da, sammitiň dowamynda ikiçäk duşuşyklary geçiriler.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar