JEMGYÝET

Saida Mirziýoýewa: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mende uly täsir galdyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň çäklerinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty geçirildi.

Onuň işine dünýäniň köp sanly ýurdundan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa hem bar.

Saida Mirziýoýewa Türkmenistan döwletine amala aşyran saparynyň özünde galdyran ýakymly täsirleri barada “Telegram” jemgyýetçilik torunda beýan etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklaryny diňe bir goňşuçylyk gatnaşyklary däl, eýsem asyrlaryň dowamynda emele gelen doganlyk gatnaşyklary, umumy medeniýet we beýik taryh baglanyşdyrýandygyny belledi.

– Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy mende uly hem-de ýakymly täsir galdyrdy. Bu çagalara bolan aladanyň, jogapkärçiligiň hem-de iňňän uly söýgüniň aýdyň mysalydyr – diýip, Saida Mirziýoýewa belledi.

Ol Arkadag şäherinde geçirilen forumyň ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Özbegistanyň çagalar üçin has köp tagalla etmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

– Çagalaryň şatlygy – bu biziň umumy ertirimizdir – diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa belledi.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar