JEMGYÝET

Emeli aň bilen ilkinji gezek aýdym albomyny döretdi

“Spotify” platformasy emeli aň tarapyndan döredilen 2 sany aýdymy öz meýdançasynda ýaýlyma berdi. Bu platformada ilkinji gezek emeli aň mümkinçilikli aýdymlar goýberildi.

Umuman, emeli aň tehnologiýasynyň sungatda we kinoda giňden peýdalanylmagy bilen bir hatarda bu tehnologiýa aýdym-saz ulgamyna hem aralaşdy.

Ispan sungat işgäri Pedro Sandowal tarapyndan emeli aň bilen döredilen ilkinji albomy “Spotify” platformasynda elýeterli boldy.

Pedro Sandowal, Luis Miguel Martinez we Felipe Sandowal emeli intellekt bilen döreden sanly seslerini tomaşaçylara hödürlediler. Emeli intellekt bilen döredilen “ZKY-18” we “Dirty Marilyn” aýdymlary aýdym-saz muşdaklaryny haýran galdyrdy.

Bilşiňiz ýaly, “Ata Watan Media” döredijilik topary hem emeli aň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak ugrunda giň tagallalar edýär. Mälim bolşy ýaly, döredijilik toparymyz eýýäm emeli aň mümkinçilikli birnäçe aýdymlaryny taýýarlap, halk köpçüligine ýetirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

Türkmenistanyň МТС kompaniýasy boýunça beýanaty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy