JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl doldy

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzda wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekip, Türkmenistany yzygiderli we oňyn esasda ösdürmäge gönükdirilen baş ugruň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn döwlet syýasatyna üýtgewsiz eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir. Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz, yhlasly we tutanýerli iş alyp barmakda görkezýän nusgalyk göreldesinden ruhlanýan watandaşlarymyz agzybirlik, jebislik bilen döredijilikli zähmet çekýärler, amala aşyrylýan düýpli özgertmelere gönüden-göni dahyllydyklaryny duýup, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Öňde durýan uly wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary kabul edilen maksatnamalarda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir.

Durmuş ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Her ýyl müňlerçe maşgala ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Watanymyzda durmuşa geçirilýän durmuş ugurly düýpli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany durmuşa geçirmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda, paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler.

Döwlet Baştutanymyz täze, döwrebap obalaryň birnäçesiniň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumynyň gurlup ulanmaga beriljekdigini belledi. Şeýle-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, baý taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamagyň, çuňňur öwrenmegiň, dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtaýar.

Türkmenistanyň oňyn daşary syýasy ugry we hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary dünýä giňişliginde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçiriler

Türkmenistan Efiopiýa ilçi belledi

Amerikanyň ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gaznanyň işine ýokary baha berdi

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 sany raýatyň günäsi geçilýär

Ata Watan Eserleri

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi