Berkarar döwletimizde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyrylýar. Şeýle beýik işler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Saglyk ulgamyndaky bu täze desgalar ösen tehnologiýalar, kämil enjamlar bilen üpjün edilip, adamlaryň saglygyny goramakda, dürli görnüşli keselleri ýüze çykarmakda we öňüni almakda uly mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hasabyna şu güne çenli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işler amala aşyryldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň köp sanlysyna dürli çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik döredildi, häzirki wagtda bu işler netijeli dowam etdirilýär.
Sagdyn bolmak isleýän her bir adam bu maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegi özüne ýagşy endik edinmelidir. Diňe şeýle ýagdaýda adam sagdyn bolýar, bedeniň gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, goşmaça düşýän agrama aňsatlyk bilen döz gelmegi başarýar.
Beden maşklary ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Ganyň düzümindäki holesteriniň möçberini azaldýar, gan damarlarynyň iç ýüzünde holesterin ýaşmajyklarynyň emele gelmeginiň öňüni alýar, damarlary giňeldýär hem-de gan basyşyny kadalaşdyrýar. Geçirilen barlaglar beden maşklarynyň peýdasynyň uludygyny görkezýär. Çünki hereketliligiň artmagy gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, damarlarda bolup geçýän durnuklylyk hadysalaryny aradan aýyrýar.
Ýerine ýetirilýän beden maşklary dem alyş ýollarynyň işleýşini, myşsalary pugtalandyrýar, öýkende ýerleşýän howa haltajyklarynyň göwrümini artdyrýar. Olar bolsa adam dem alanda öýkeniň dem alyş ýollaryna düşýän kislorodyň özleşdirilmegini, gana siňdirilmegini üpjün edýärler.
Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby saglygy goraýyş ulgamynda halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Türkmenistanyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli bu düýpli ylmy iş, diňe bir milli lukmançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp köp jiltli ensiklopedik ylmy işiniň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzda «Il baýlygy — ýurt baýlygy», «Saglygym — baýlygym», «Saglyk — başymyň täji», «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýaly çuň manyly pähimler, ýörgünli jümleler bar. Olarda ynsan saglygynyň ähmiýeti, gadyr-gymmaty açylyp görkezilýär. Taryhy döwrümizde ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, raýatlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatynda edilýän tagallalar ildeşlerimiziň saglygy, bagtyýarlygy we abadançylygy hakdaky aladanyň guwançly görkezijileridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gözbaş alýar.
«Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýýän lukman Arkadagymyz halkyň sagdyn, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ummasyz işleri durmuşa geçirýär. Biz — lukmanlara döredip berýän giň mümkinçilikleri hem-de şeýle ajaýyp sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Tyllagözel Nuryýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.