TESWIRLER

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

Men şol ertekidäki möjek! Siz mydama men hakda başgalaryň aýdanlaryny diňlediňiz, meni günäkärlediňiz, emma meniň pikirim hiç kimi gyzyklandyrmady. Men bolsa öz hakymda gürlemekden gaça durdum, sebäbi bu gelşiksiz hasaplanýardy.

Adaty günleriň biri, tokaýy arassalamaga çykdym. Tokaý meniň öýüm, ony arassa saklamak meniň borjum. Hemme zat adaty ýaly görünýärdi, emma birden gyzyl ýaglykly, daşyndan geň görünýän bir gyzjagaz peýda boldy. Elinde bir sebet göterýärdi, ýöne içinde näme bardygyny bilmek mümkin däldi. Şübheli ýagdaý!

Bu gyz tokaýda özüni gaty arkaýyn alyp barýardy, hiç hili seresaplylygy ýokdy. Näme üçin beýle geýnip, tokaýda ýeke özi gezýärkä? Oňa yzarladym, ahyry ýanyna baryp soradym:

— “Ýol bolsun, ugruň nirä gyzjagaz?”

Ol bolsa, menden gorkman:

— “Men mamamlara barýaryn” – diýip jogap berdi.

Sesi sandyrap çykmady. Dogrudanam şeýlemikä? Ýa ol başga bir zat gizläp durmy?

Men ol gyza hiç zat diýmän goýberdim, ýöne içimden bir ses:

— “Bar, seret, gör, hakykaty aýdýarmy?” – diýip durdy.

Şeýlelikde, gyzdan öň mamasynyň öýüne bardym. Gördüm welin, hakykatdan-da, garry daýza bar eken. Ondan soradym:

— “Gyzyl ýaglykly gyz gördüm welin, ol seniň dogrudanam agtygyňmy?”

Daýza ýylgyryp:

— “Hawa, ol meniň agtygym” – diýip jogap berdi.

Şonda men pikire batyp, bu kiçi gyza bir zat öwretmegi ýüregime düwdüm. Daýza bilen bilelikde bir oýun oýnamagy makul bildik. Ol düşegiň aşagyna gizlendi, men bolsa onuň eşiklerini geýip, krowatda ýatdym.

Az salym geçensoň, kiçi gyz içeri girdi.

— “Mama! Sesiň birhili üýtgeşik çykýar!”

Men  mylaýym ses bilen  jogap berdim:

— “Seni gowy garşy almak üçin, jan agtygym!”

Gyz biynjalyk bolup başlady. Töweregine seredip, gaty geň galdy. Soň ol:

— “Gulagyň näme beýle uly?”

Gulagym bilen näme işiň bar diýsene! Ýöne sabyrly jogap berdim:

— “Seni has gowy eşitmek üçin, jan agtygym!”

Emma ol ýene-de dymyp bilmedi. Indi burnum hakda gyzyklandy:

— “Burnuň näme beýle ullakan?”

Şol wagt içimde bir duýgy oýandy. Men ýaşlygymdan bäri burnum bilen baglanyşykly ýagdaýlary başdan geçirdim. Başgalar hemişe burnumyň üstünden gülýärdi. Estetiki operasiýa geçirdim, ýöne şonda-da gelşikli däl öýdýän. Ýöne bu kiçi gyz meniň bar keýpimi bozdy. Ýene-de sabyrly bolup, oňa jogap berdim:

— “Seniň ysyňy has gowy almak üçin, agtygym!”

Emma ol soňky soragy bilen sabyr käsemi doldurdy:

— “Onda näme üçin agzyň şeýle ullakan?”

Şol wagt içimde tupan turdy. Bu soraga jogap bermek kyn boldy. Men agzymy uly bolmagyň tebigy ýagdaýdygyny kabul etmek üçin näçe wagt psihologlara gatnadym, näçe pul harçladym?! Ýöne bu kiçi gyz bu meselemi täzeden açdy. Ahyry sabyrym gutardy-da, gaty ses bilen:

— “Seni gowy iýmek üçin!” – diýip gygyrdym.

Ýok, ýok men bu gyzy iýmek islämokdym. Diňe özümi goramak isledim. Emma bu sözümi aýdyp ýetişmänkäm, gapy gürpüldäp açyldy! Bir awçy eli tüpeň bilen içeri girdi. Hiç zat soraman, hiç kimiň pikirini diňlemezden, göni üstüme gygyrdy:

— “Sen mekir möjek! Sen garryny iýdiň, şeýle dälmi?!”

Men düşündirmäge synanyşdym, ýöne ol diňlemedi. Daýza bolsa gizlenip durdy. Şol wagt ol çykyp, oýny bilelikde gurnanymyzy aýdyp biljekdi ahyryn! Emma men hakykaty düşündirip bilmedim. Penjireden böküp gaçdym. Başga alajym ýokdy!

Şondan soň hiç kim meniň bu hakykatymy diňlemek islemedi. Şol gün meniň hemme zatdan el üzmegime sebäp boldy. Şondan bäri men tokaýda arkaýyn gezip bilemok. Hemmeler meni erbet möjek diýip atlandyrýarlar…

Ýene-de okaň

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?