Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramakda ähli tagallalar edilýär. Bu babatdaky nusgalyk aladalar diňe bir milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny iň kämil enjamlar arkaly pugtalandyrmak bilen çäklenmeýär.
Halkymyzyň baş saglygyny goramakdaky tagallalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimiziň sagdynlygyna möhüm ähmiýetli netijeli çäreler bilen utgaşdyrylýar. Bu çärelere ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeňlik bilen gatnaşmaklary Türkmen halkynyň Milli Lideriniň agzybir halkymyzyň baş saglygy baradaky köptaraply aladalarynyň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň tassyknamasydyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Saglyk ulgamyndaky bu täze desgalar ösen tehnologiýalar, kämil enjamlar bilen üpjün edilip, adamlaryň saglygyny goramakda, dürli görnüşli keselleri ýüze çykarmakda we öňüni almakda uly mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hasabyna şu güne çenli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işler amala aşyryldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň köp sanlysyna dürli çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik döredildi, häzirki wagtda bu işler netijeli dowam etdirilýär.
Immuno-öňüni alyş çäreleri örän möhüm çäredir. Bu köpçülikleýin çäre ýokanç keselleriň öňüni almak, şol bir wagtyň özünde kesele garşy immuniteti döretmek diýmekdir. Şonuň üçinem her bir çaga maslahat berilýän sanjym çäreleriniň doly toplumyny wagtly-wagtynda, doly we kadaly ýagdaýda almalydyr. Körpejeleriň ir wagtdan howply kesellerden goralmagy üçin geçirilýän öňüni alyş sanjymlary almagyň we bes etmegiň tertibi dogrusynda lukmanlaryň maslahatlary pugta berjaý edilmelidir. Ýewropa immunizasiýa hepdeliginiň geçirilmeginiň düýp manysy ynsan saglygyny goraýan, ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň her bir adam üçin zerurdygyny giňişleýin halk köpçüligine düşündirip wagyz-nesihat etmek, immunizasiýa baradaky düşünjäni artdyryp, ilatyň dykgatyna ýetirmekden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-nji martynda Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy bolsa Diýarymyzda döwrebap lukmançylyk edaralaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek babatda lukman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ulanylmaga berildi. Olaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp bolandygy baradaky hoş habar buýsanjymyzy artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça başyny başlan beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ýaş lukmanlary taýýarlamakda we olara bilim öwretmekde döwrebap işler alnyp barylýar. Şunda ylmyň iň täze gazananlary, lukmançylyk ylmynyň ugurlary has çuňňur öwredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alnyp, dermanlyk çig mallary taýýarlaýan we ýygnaýan hünärmenlere dermanlyk ösümlikler, olaryň ekologik ähmiýeti baradaky maglumatlary ylmy esasda öwredilýär.
Täze taryhy döwrümizde saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» tassyklanylmagy aýratyn bellärliklidir.
Ajaýyp döwrümizde halal zähmet çekmäge, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamaga, kadaly dynç almaga, ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!