TESWIRLER

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Soňky döwürlerde Oguz han, Magtymguly Pyragy ýaly beýik Türkmen şahsyýetleriniň heýkellerini emeli intellekt (EI) arkaly herekete getirip, tans oýnadyp, üç sany “like” köp almak üçin paýlaşýanlar köpelýär. Mundan başga-da, dünýeden geçen ene-atalar bilen gujaklaşýan wideolar hem giňden ýaýrap başlady.

Men emeli intellekti giňden ulanýan biri hökmünde bu barada öz pikirimi paýlaşmak isledim. Ilkinji nobatda, Magtymguly atamyzyň goşgusyny okaýan bir wideo taýýarlamak islänimde, şol wideonyň has täsirli bolmagy üçin ilki Pyragynyň suratyna ses ýazgysyny okatmaga synanyşdym. Ulanyp oturan EI programmam  meşhur  şahsyýetleriň suratlaryny ulanmak mümkin däldigini aýtdy. Soňra men heýkelleri barlap gördüm we programmanyň heýkelleri kabul edýändigini anykladym.

Ýöne Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň şeýle wideolara gabat gelmeýändigini duýdum. Sebäbi onuň ýüz keşbi we mimikasy täsirli çykmady, wideo gowşak boldy. Şonuň üçin-de paýlaşmadym. Biz öz milli gymmatlyklarymyzy diňe gowulyk bilen ýatlamaly, olary dogry görnüşde tanyşdyrmalydyrys.

Ene-ata bilen gujaklaşma wideolary

Şeýle wideolar hem soňky döwürde ýörgünli boldy. Dogrusy, men geçen ýyl dàdemin̈ surady bilen bilelikde şeýle bir programmany synap gördüm, ýöne paýlaşmadym. Sebäbi tehnologiýa heniz kämilleşmändigi üçin wideo kän bir täsirli görünmedi.

Emeli intellekt we milli gymmatlyklara hormat

Oguz han, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetler türkmen halkynyň umumy gymmatlyklarydyr. Şonuň üçin olar bilen baglanyşykly islendik material paýlaşylanda aýratyn seresap bolmaly. Meniň syn eden zadym, kàbir emeli intellekt  programmalary  beýik şahsyýetlere hormat goýýar, emma etikadan nesibini almadyk käbir firmalaryň programmalary beýle zatlara üns bermeýärler. Bu ýagdaý emeli intellektiň gadagan edilmeginiň däl-de, onuň etik kadalara laýyk gelmeginiň zerurdygyny görkezýär.

Ene-ata bilen gujaklaşma wideolary hem duýgulary oýarýan görnüşleriň biridir. Adamlar öz ene-atasy bilen şeýle wideolary paýlaşyp ýa paýlaşman öz islegine görä karar berip biler elbetde..Emma ertaki gùn islemeÿàn şahslar bilen hem şeyle wideolar bolup biljekdigini unutmaly dàl.

Biz Atavatan Media hökmünde emeli intellekt bilen baglanyşykly täzelikleri yzygiderli paýlaşýarys we ilkinji türkmen media guramasy bolup, bu tehnologiýany giňden ulanýarys.

Emeli Intellektiň 3 Derejesi

Emeli intellekt bilen baglanyşykly 3 esasy topary görkezip bolar:

  1. Emeli intellekti sarp edenler: Bu kategoriýa AI-ni diňe tomaşa etmek ýa-da güýmenje üçin ulanýanlar girýär. Mysal üçin, heýkellere tans oýnatmak ýa-da başga bir täsir galdyrmak maksady bilen taÿyn wideolar döretmek.
  2. Emeli intellekti ulanýanlar: Bu kategoriýadaky adamlar AI-ni dürli pudaklarda ulanýarlar, meselem, maglumat derňewi, durmuṣ hyzmatlary ýa-da žurnalistika.
  3. Emeli intellekti döredenler: Bu dereje iň esasy bolup, AI algoritmlerini, platformalaryny we tehnologiýalaryny döreden, ösdürýän adamlar bu kategoriýa girýär.

Şeýlelik bilen, maksat AI-tehnologiýasyny dogry ulanmak we ony etiki çäklerde ulanmakdyr. Gadagan etmek çözgüt däl, ýöne etik düzgünleri girizmek zerur!

Ýene-de okaň

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri