SPORT

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän argentin ýyldyzy Lionel Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi. Ol KONKAKAF Çempionlar kubogynyň duşuşygynda tapawutlandy.

Bu ýaryşyň çäklerinde “Inter Maýami” bilen “Sporting Kanzas-Siti” topary duşuşdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 37 ýaşyndaky Messi 56-njy minutda geçirdi.

Duşuşyk -15 gradus sowuk howada geçirildi. Bu toparylaryň araysndaky jogap duşuşygy 26-njy fewralda “Sporting Kanzas-Siti” toparynyň meýdançasynda geçiriler.

“Inter Maýami” topary ABŞ-nyň “MLS” futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynda 23-nji fewralda “Nýu-Ýork Siti” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy