SPORT

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

“Sportico” neşiri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp girdeji gazanan 100 türgeniň sanawyny neşir etdi, bu sportdaky çykyşlar üçin töleglerden başlap, mahabat şertnamalaryna çenli iň uly sport ýyldyzlarynyň umumy girdejisini görkezýär.

“Al-Nasr” toparynyň futbolçysy Kristiano Ronaldo yzly-yzyna ikinji ýyl birinji orunda barýar. 2022-nji ýylda Ronaldo 115 million dollarlyk girdejisi bilen Lionel Messiden (122 mln) we Lebron Jeýmsden (126.9 mln) soňra 3-nji orny eýeläpdi.

Şondan bäri Ronaldo özüniň girdejisini 2 esse golaý artdyrdy we 260 millionlyk girdejisi bilen 37 ýaşyndaky Messiden we 40 ýaşyndaky Lebrondan öňe saýlandy.

Argentin futbolçy we amerikan basketbolçy bolsa, degişlilikde 135 million we 133.2 millionlyk girdejileri bilen 4-nji we 5-nji orunda barýar.

36 ýaşyndaky basketbolçy Stefen Karri 2-nji orunda, 36 ýaşyndaky britan boksçy Taýson Fýuri 3-nji orny eýeleýär. Boksçy 2024-nji ýylda 147 million dollar girdeji gazandy.

Ilkinji onlukdaky türgenleriň hatarynda Lebron Jeýms mahabat girdejileri sport çykyşy üçin gazanýan girdejisinden ýokary bolan ýeke-täk türgen boldy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý