TEHNOLOGIÝA

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

2025-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda gysga döwürlik elýetersiz bolan Hytaýyň “TikTok” platformasy ABŞ-nyň “Apple Store” hem-de “Google Store” platformalaryna gaýdyp geldi. Dünýäniň iki uly tehnologiýa ägirdi “Apple” bilen “Google” kompaniýalarynyň wekilleri “TikTok” jemgyýetçilik toruny öz platformalaryndan ýükläp almak babatda beýanat berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, “TikTok” toruny degişli platformalardan ykjam telefonlara ýükläp almak mümkinçiligi täzeden döredildi. 19-njy ýanwardan bäri Amerikadaky ulanyjylar “Apple Store” hem-de “Google Store” platformalaryndan “TikTok” jemgyýetçilik toruny ýükläp bilmeýärdi.

Şol seneden ozal telefonlarynda “TikTok” tory bolanlar bu platformanyň hyzmatyndan peýdalanyp bilýärdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “TikTok” jemgyýetçilik torunyň Amerikanyň bir firmasyna satylmagy amala aşyrylmadyk halatynda, bu tory ABŞ-da ulanmagy gadagan eden kanunyň güýje girmegini 75 gün yza süýşürmek babatdaky möhletiniň ýene-de uzadylyp bilinjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar