BIZNES

Hytaý Gyrgyzystanda Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurar

Hytaý Halk Respublikasy Gyrgyzystanda Gün we  ýel elektrik stansiýalaryny gurar. Bu barada degişli ylalaşyk, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanyldy.

Bu saparyň çäklerinde Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti bilen Hytaýyň «Shenzhen Energy Group Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda maýa goýum şertnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynyň çäginde kuwwaty 300 Mwt-a deň bolan ýel elektrik stansiýasyny gurmak we işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Hytaýyň degişli kompaniýasy bilen kuwwaty 300 Mwt-a deň bolan Gün elektrik stansiýasyny gurmaga gönükdirilen maýa goýum ylalaşygy baglaşyldy.

Mundan başga-da, Hytaýyň Hebeý welaýatynyň “Baý Dou Szýa” kompaniýasy bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Gyrgyzystanda umumy bahasy 410 million dollara deň bolan mineral dökün önümçilik zawody gurlar. Bu zawodyň gurulmagy Gyrgyzystanyň oba hojalygyny ösdürmek üçin möhüm ädim bolar.

Şeýle hem gurluşyk pudagyna degişli gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde “akylly” şäherleri döretmek meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, Gyrgyzystanyň noýba, guş eti, ýüň we beýleki önümleri Hytaýyň bazaryna ýerlemek babatda hem degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar