TEHNOLOGIÝA

Tramp: “Microsoft” kompaniýasy “TikTok” bilen gyzyklanýar

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp jikme-jik maglumat bermezden, “Microsoft” korporasiýasynyň Hytaýyň “ByteDance” kompaniýasynyň Amerikadaky “Tiktok” düzüm birligini satyn almak boýunça gepleşikler geçirýändigini habar berdi. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

– Men howa diýip jogap berip bilerin. “TikTok” toruna uly gyzyklanma bar – diýip, Tramp habarçylaryň beren sowalyna jogap berdi.

Tramp mundan ozal hem “TikTok” tory bilen gepleşikleriň geçirilýändigi belläp geçipdi. Gysga görnüşli wideolaryň jemgyýetçilik torunyň Amerikada 170 milliondan gowrak ulanyjysy bar we ABŞ-nyň köp sanly tehnologiýa senagatynyň wekilleri muňa gyzyklanma bildirýär.

“Los Angeles Dodgers” kompaniýasynyň eýesi milliarder Frenk Makkort hem “TikTok” toruny satyn almak üçin resmi teklip etdi.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-da “TikTok” jemgyýetçilik toruna gadaganlyk girizmek hakynda kanun güýje giripdi. Tramp Hytaýyň “ByteDance” kompaniýasyna “TikTok” düzüminiň paýnamalarynyň belli bir bölegini amerikan kompaniýasyna satmak babatdaky kanunyň güýje girmeginiň 75 gün yza süýşürilmegi boýunça degişli kararnama kabul etdi.

17-nji ýanwarda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti “Tiktok” torunyň amerikaly şahsa satylmadyk halatynda jemgyýetçilik toruna gadaganlyk girizmek kanunyny goldapdy. Bu kanun birnäçe sagat güýje girip, ulanyjylar üçin jemgyýetçilik tory elýetersiz bolupdy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi