DÜNÝÄ

Belarusda prezident saýlawlary geçirilýär

Şu gün Belarus Respublikasynda prezident saýlawlary geçirilýär. Ýurduň häzirki Pezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen bir hatarda ýene-de 5 dalaşgär saýlawlarda dalaşgär boldy.

Ýurduň çäginde prezident saýlawlary üçin 5325 saýlaw uçastogy döredildi. Bu saýlaw uçastoklary irden ýerli wagt bilen 08:00-da açyldy we agşam sagat 20:00-a çenli açyk bolar.

Prezident Aleksandr Lukaşenko Minsk şäherindäki Belarus döwlet bedenterbiýe uniwersitetiniň çäginde döredilen saýlaw uçastogynda öz sesini berdi.

Prezident saýlawlary üçin 21-25-nji ýanwar aralygynda wagtynda öň ses bermek işi geçirildi. Saýlawçylaryň 41,81 göterimi wagtyndan öň ses berdiler.

Prezident Aleksandr Lukaşenko saýlaw uçastogynda habarçylar bilen amala aşyran söhbetdeşliginde ýeňiş gazanan halatynda özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Moskwa amala aşyrjakdygyny belledi.

 

Related posts

Hadise Türkmenistan’da Konserde Sahne Aldı

vepa

Türkmenistanda Russiýadaky saýlawlar üçin 2750 adam ses berdi

ŞHG-niň synçylar topary: saýlawlar aç-açanlykda geçirildi

Ata Watan Eserleri