SPORT

Türkmenistanly emin Ronaldonyň duşuşygynda ätiýaçdaky emin bolar

Türkmenistanly FIFA-nyň emini Resul Mämmedow AFK-nyň çempionlar ligasy – 2024-25-iň toparçalaýyn oýnuna gatnaşmaga çakylyk aldy. Türkmenistanly emin AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň çäginde geçirilýän “Persepolis” (Eýran) bilen “Al-Nasr” (Saud Arabystany) toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ätiýaçdaky eminiň wezipesini ýerine ýetirer.

17-nji fewralda geçiriljek bu duşuşygyň Baş emini hökmünde özbegistanly Rustam Litfullin çykyş eder. Kömekçi eminleriň wezipelerini onuň ildeşleri Sanjar Şaýusupow bilen Alişer Usmanow ýerine ýetirerler. Duşuşygyň gözegçi emini Jassim Mohamad Al-Hail (Katar), oýnuň komissary Çen Liang-Çen (Hytaý Taýpeýi) bolar.

FIFA-nyň emini hökmünde halkara ýaryşlarynda eminlik eden Mämmet Mämmedowyň ogly 33 ýaşly R.Mämmedowyň halkara ýaryşlaryna 2023-nji ýylda eminlik edip başlandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy