Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi.
Mälim bolşy, Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar.
Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, dünýä syýahatçylygynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasy nazara alnanda, Monakonyň syýahatçylyk ulgamynda ýeten sepgitleri bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitli tejribe alyşmaga itergi berip biler.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň birnäçe möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselesini aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň “ýaşyl başlangyjy” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry medeni-ynsanperwer ulgam bolup biler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi.
Medeni hyzmatdaşlygyň wajypdygyna we ony ösdürmäge uly üns berýäris. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygyny nygtap, başga-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu saparynyň çäklerinde Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.
Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ummanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.