DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan Aşgabat we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň gümrükhanalaryna ýeňil awtoulaglaryň sowgat berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkezi gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmäge, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar babatda maglumatlary toplamaga we seljermäge, geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň ulanylmagy bilen, halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çägi boýunça hereketine gözegçilik etmäge, harytlar we ulag serişdeleri gümrük serhedinden geçirilende ygtyýarlandyryş we rugsat beriş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi ygtybarly guramaga doly mümkinçilik berer.

Bu merkeziň açylmagy we döwrebap ýeňil awtoulaglar Watan goragçylarynyň gününiň ýetip gelýän günlerinde Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna ajaýyp sowgat boldy.

Related posts

Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti wezipesine girişdi

Howanyň üýtgemegi boýunça onlaýn-maslahat

Ata Watan Eserleri

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary