SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

2025-nji ýylyň 13-16-njy ýanwary aralygynda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri Ýaponiýanyň birnäçe edaralarynda bolup, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça özara bähbitli meseleler barada gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadkay ilçihanasy habar berdi.

Ýaponiýanyň awiasiýa edaralary bilen geçirilen duşuşyklarda Aşgabat bilen Tokionyň arasynda ýük howa gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada hem maslahat edildi.

Geçen ýyl «Türkmenhowaýollary» agentligi üçin raýat awiasiýasy we halkara hyzmatdaşlygy babatynda uly üstünliklere beslendi.

Geçen ýylyň dowamynda halkara gatnawlarynyň birnäçesiniň ýola goýulmagy, degişli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, geçirilen gepleşikler hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunda ýolagçylaryň Jidda, Milan, Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur ýaly meşhur syýahatçylyk ugurlaryna bolan islegleriniň hem artandygyny bellemek gerek.

Bu howa gatnawynyň ýola goýulmagy, ýolagçylar üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegi uçuşyň bu ugrunyň ilat arasynda meşhurlygynyň artmagyna getirdi. Syýahatçylar üçin iki ýurduň arasyndaky gatnawyň bahasynyň elýeterli, hyzmatlaryň hiliniň bolsa ýokary bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar