DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri

Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk

Saud Arabystany ABŞ-daky maýa goýumlaryny 1 trillion dollara çenli artdyrar

Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Eýranyň Prezidenti dekabrda Türkmenistana geler