JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterriş telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşingde habar berildi.

Eziz watandaşlar bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen yglan edilen 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen ýörite guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu toparyň ýakynda ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hut özi ýolbaşçylyk etdi. Milli Liderimiz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň ýokary derejede geçirilmeginiň guramaçylyk taralaryna seredip, özüniň tabşyryklary berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda işleriniň we onuň ileri tutulýan ugurlarynyň konsepsiýasyny düzmek barada Birleşen Milletler Guramasy bilen geňeşmeler geçirip, onuň durmuşa ornaşdyrmagyny nygtapdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon söhbetdeşligi üçin minntdarlyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçen ýylyň tomsunda geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Antoniu Guterriş sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna we bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär