ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Akgül Saparowa: okyjylarym ylham ganatym

«Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «Ýakymly ýatlamalar» sahypasynyň okyjylarynyň men barada maglumat bilmek isläp iberen SMS-lerini nazarda tutup ýakynda doglan günümiň 60 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň taýýarlan bibliografik görkezijisindäki käbir maglumatlary okyjylaryma ýetirmegi makul bildim. Döredijiligime sarpa goýýan ähli okyjylaryma minnetdarlyk bildirýärin hemem Täze 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýüregiňizdäki päk arzuw-niýetleriňiz bilen başlaýan her bir işiňiz rowaçlyklara beslensin!

                                                         

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow:

 – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin şertleri döredýäris.

                                         DÜZÜJILERDEN

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýär. Zehin başarnygy bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, senagatyny ösdürmäge goşant goşup, jemgyýete peýdaly döwrebap önümleri döredip, durmuşa ornaşdyrýan ynsanyň kalbynyň päkligini, öz Watanyna, il-gününe wepalylygyny görmek bolýar. Ýurdumyz kalby päk, arassa adamlaryň döredijilikli zähmetleri çekmegi bilen gün-günden ösýär, özgerýär. Päk zähmet çekýän şeýle adamlar barada giňişleýin maglumatlary berip, ýakymly ýatlamalary ýazyp, halka ýetirýän, söz baýlygy bilen ençeme eserleri döredip, halkyň söýgüsini gazanýan ýazyjylaryň biri  Akgül Saparowadyr.

Durmuş, Akgül Saparowany kyn ýollarda synaglardan geçirip, başga ugurlarda zähmet çekmäge mejbur etse-de, döredijilik ylhamy ony öz ýoluna atardy. Ol özüniň ýatlamalarynda döredijilik ýoluna düşmegine 46 ýyl türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän kakasy Taňryberdi Täçmyradowyň hem-de garyndaşy belli satirik ýazyjy Aşyrberdi Kürtüň döredijiliginiň täsiri ýetendigini belleýär. Çap bolup çykan degişmedir makalalary “Akgül Täçmyradowa”, “Akgül Taňryberdi gyzy”, “Akgülüň degişmesi” diýen atlar bilen metbugatda berildi.

Kalby buýsançdan doly, ýazyjy zenan döwürden yza galman, metbugat neşirlerinde ýurdumyzda bolup geçýän ýakymly wakalary yzygiderli wasp edip geldi. Türkmen halkynyň milli medeni mirasy, sungaty, medeniýeti barada gyzykly makalalar bilen çykyş etdi.

Akgül Saparowa 2006-njy ýylda TDP-niň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan Garaşsyzlygymyzyň şanly 15 ýyllygy mynasybetli ”Hormat hatyna”,”Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň noýabr aýynda “Aýlaryň çopan ogly” hekaýasy bilen Saglygy goraýşyň habarlar merkezi we BOMKA-KADAP halkara taslamasy tarapyndan yglan edilen “Geljege neşesiz” atly döredijilik bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldy. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda “Maru-şahu jahan” welaýat gazetiniň redaksiýasynda guralan döredijilik bäsleşiklerinde 2 gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Onuň “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  “Ýakymly ýatlamalar” rubrikasynda dürli kärdäki tanymal halypalar hakynda ýazan giňişleýin makalalaryň ýüzden gowragy elektron görnüşde çap boldy we okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okaldy. “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiren döredijilik bäsleşiginde Akgül Saparowanyň işjeň gatnaşanlygy üçin “Minnetdarlyk haty” bilen sylaglady.Ýazyjynyň döredijilik zähmetini nazara alyp, döwlet tarapyndan hem Akgül Saparowa sylaglar gowşuryldy. Ol häzir hem ylhamyny gowşatman halk içinde gözlegde bolup, mynasyp adamlar barada giňişleýin makalary ýazmagy dowam etdirýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi ýazyjy, žurnalist Akgül Saparowanyň döredijiligini öwrenip,giň okyjylar köpçüligine ýetirmegi maksat edindi.  “Ýazyjy, žurnalist Akgül Saparowa (Doglan gününiň 60 ýyllygyna)” atly bibliografik görkezijini taýýarlady. Görkeziji “Düzüjiden”, Akgül Saparowanyň “Terjimehal”, Akgül Saparowanyň “Şygryýeti”, “Ýazyjynyň ýazan we toplan kyssa eserleri”, “Akgül Saparowanyň metbugatda çap bolan makalalary”, Internet ulgamynda elektron görnüşde “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynda Akgül Saparowanyň çykan makalary”, ”Ol hakda” diýen bölümlerden ybarat.

Bibliografiýa görkeziji giň okyjylar köpçüligine niýetlendi we wagt yzygiderliliginde, elipbiý tertibinde ýerleşdirildi, ahyrynda at görkezijisi berildi.

TERJIMEHAL

Men 1964-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyzylarbat etrabynyň Goç geňeşliginiň Zaw obasynda doguldym. Gyz familiýam Akgül Täçmyradowa. Maşgalamyzda ýedi oglan, bäş gyz dogan bolup önüp-ösdük. 1972-nji ýylda Zaw obamyzdaky 12-nji sekizýyllyk mekdepde, soňra dokuzynjy-onunjy synplary goňşy Goç obasynyň Oraz Annaýew adyndaky 11-nji orta mekdepde okadym.  1989-1991-nji ýyllarda Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynda kitaphanaçylyk hünäri boýunça gaýybana bilim aldym.

«Zähmetkeşler sesi» Gyzylarbat raýon gazetiniň 1986-njy ýylyň 27-nji dekabr sanynyň 3-nji sahypasynda ilkinji gezek «Täze ýyl arzuwlary», «Deňeşdirme», «Galsyn» atly goşgularym çap boldy.

Bu gazetiň 1989-njy ýylyň 27-nji iýunyndaky sanynda maňa döredijilikde ak ýol arzuwlap, «Ýoluň ak bolsun, Akgül!» ady bilen şahyr Amangeldi Amanowyň ýazan makalasy we «Kalbyma teklip», «Tahýa», «Sahy bagşyň aýdymlary», «Gyz ýüregimiň», «Rubagylar», «Elegiýa» atly goşgularym çap edildi. Ak ýol arzuwlap, goşgularymyň gazetde çap edilmegi, ylhamymy joşdurdy, döredijilik äleminiň gapysyny giňden açyp berdi.

1989-njy ýylda durmuşa çykyp, paýtagta göçüp geldik. Ilki Aşgabat haly fabriginde halyçy, soňra Köpetdag etrap jemagat hojalyk müdirliginde süpüriji bolup işledim. Ýöne döredijiligimi ýany bilen ýöretdim. Işimiň gapdalyndan utgaşyklylykda «Beýik Türkmenbaşy nesli» gazetinde, «Gurbansoltan eje» žurnalynda, «Nesil» gazetinde 05 iş birliginde maşinistka, korrektor, habarçy bolup işledim. 2012-nji ýylda jaý ýagdaýym doly düzelensoň, «Nesil» gazetiniň doly iş hakly uly habarçysy bolup işläp başladym. Pensiýa ýaşyma ýarym ýyl töweregi wagt galanda «Güneş» žurnalynyň öz habarçysy bolup iş ýerimi üýtgetdim. Işlän döwrümde döwürleýin neşirleriniň ählisi bilen diýen ýaly gatnaşykda bolup, edebiýatyň dürli žanrlarynda çykyş etdim. Häzir pensiýada, ýöne «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy bolup zähmetimi dowam etdirýärin.

2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi, 2015-nji ýylda «Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy» atly ýubileý nyşany bilen sylaglandym. Dürli ýyllarda ençeme bäsleşiklerde hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Maşgala durmuşym barada aýtsam, ýanýoldaşym, bir gyz, bir ogul perzendim bolup, gyzymdan hem iki sany agtygym bar.

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri