2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Hytaýda 1 milliarddan gowrak adam 5G toruny ulanýar. Bu ýurtdaky ykjam enjamlaryň eýeleriniň 56 göterimidir.
Bir ýylyň dowamynda häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryna ýokary islegi görkezýän 180 million täze ulanyjy goşuldy.
Hytaýyň iň uly telekommunikasiýa kompaniýalary müşderi bazalaryny giňeltmegi dowam etdirýärler. Iň uly ösüşi eýýäm 547 million 5G ulanyjysy bolan “China Mobile” görkezýär. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 118 million köp. “China Telecom” we “China Unicom” ýaly kompaniýalar hem bir ýylyň dowamynda 60 milliondan gowrak 5G abonentini öz hataryna goşdy.
Hytaý boýunça 5G esasy stansiýalarynyň sany 4,191 milliona ýetdi. Gündogar sebiti 1,856 million stansiýa bilen öňde barýar, ondan soň Merkezi we Günbatar sebitleri bar.