Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Türkmenistanda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köp taraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalara, öňde baryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa », «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», «2021-2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Strategiýa» ýaly maksatnamalardyr strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň durkuny täzelemek, olary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur işler amala aşyrylýar.
Iri halkara guramalar hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we dürli keselleri bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa raýatlaryň saglygyny berkitmäge we ömrüni uzaltmaga, howply ýokanç keselleriň birnäçesini doly aradan aýyrmaga şert döredýär.
Şu maglumatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda adamyň sagdyn we bagtyýar ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merjen Agadurdyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.