Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň uly premýerasy boldy. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki goňşy ýurduň, ýagny Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan uly göwrümli çeper film surata düşürildi.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Karary esasynda Özbegistan Respublikasynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kinematograflarynyň gatnaşmagynda döredilen “Magtymguly Pyragy” atly çeper film Özbegistanyň milli kino sungaty köşgünde kino tomaşaçylara görkezildi.
Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldaw bermeginde özbek režissýory Muzaffarhon Erkinow tarapyndan surata düşürilen “Magtymguly Pyragy” filminiň uly premýerasy geçirildi.
Oňa Özbegistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Ýusufjon Usmonow, Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň direktory Şuhrat Rizaýew, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň birinji kätibi-konsul Sapa Annaorazow, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy Güldäne Awezdurdyýewa, Türkmenistandan baran kinorežissýorlar, aktýorlar, şeýle hem köp sanly özbek raýatlary gatnaşdy.
Bu filmde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi açylyp görkezilýär. Onda türkmen halkynyň beýik şahyrynyň Özbegistanda okan döwri barada gyzykly gürrüňler berilýär.
Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek bolar. Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filmi paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda “Iň gowy çeper film” baýragyna mynasyp bolupdy.
Filmiň režissýory – meşhur özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhon Erkinow köne döwrüň durmuşyny hem-de şahyrçylyk bäsleşikleriniň pursatlaryny ussatlyk bilen döredipdir, şonda diňe bäsdeşlik bolup geçmän, eýsem, hakyky dostluk emele gelipdir.
Magtymgulynyň keşbinde ýaş türkmen artisti Ahmet Amandurdyýew, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew çykyş etdiler. Şeýle hem filmde beýleki meşhur türkmen we özbek artistleri keşpleri ýerine ýetirýärler.
Filme iki dilde – türkmen we özbek dillerinde ses berildi, çünki ol Özbegistanda hem görkezilýär.