Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndaky: «Häzirki döwürde ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň-da gadymy taryhdan söz açýan eserler bilen aýratyn gyzyklanýandyklarynyň şaýady bolanymda, örän begenýärin» diýen sözleri bizi Watana buýsanmak, gadymy taryhy kökleriňe daýanmak ýaly beýik mertebeleriň eýesi edýär.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza şan-şöhratly taryhymyz, geçmiş mirasymyz hakynda gymmatly kitaby sowgat etdi. Eziz Arkadagymyzyň her bir çuň mazmunly eserleri diňe şu gün üçin däl, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin hem gymmatly hazynadyr.
Milli Liderimiziň ylmy-filosofik eseri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eser ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, ýaşlara ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Kitapda Gahryman Arkadagymyz: «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur. Iň belent söýgi Watan söýgüsidir. Watanyň ykbaly bilen bagly ýaşaýyş durky bilen mähribanlykdyr. Şol ýaşaýşy dolandyrýanam ýagşy niýetden köňülde güýjäp, dünýä inýän gurbatdyr. Ine, şu ynamyň gadymdan bäri her bir türkmen perzendiniň aňynda ýaşaýandygyna men ynanýaryn» diýip, örän jaýdar belläp geçýär.
«Oguznamalaryň» ündeýän düýp taglymatam geljegiň abadanlygynda düýnüň tejribesiniň aýanlygyndadyr. Häziriň özünde hem geçeniň ýaşaýandygyna ynanmakdadyr» diýmek bilen Milli Liderimiz kitabyň ikinji babynda milli mirasymyzyň ruhy binýadyna — düýnümize şu günüň nukdaýnazary bilen seretmegi ündeýär.
Eseriň bu bölümini okan her bir okyjy halkymyzyň baý medeni mirasyna aýawly garamagyň döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wezipesidigine aň ýetirer. Çünki şu wagtky döwrebap ýaşaýşymyz täze dörän taglymat däl, ol öz gözbaşyny gadymy medeni mirasymyzyň jümmüşinden alyp gaýdýar.
Gahryman Arkadagymyz bu babatda kitabyň «Gadymy heňňamyň aýdymy» atly bölüminde şeýle belleýär: «Oguz hanyň il-ulsuna pentleri häzirki zaman dünýäsinde rowaçlanýan ynsanperwerlikli taglymatlarymyzdyr».
Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabyndaky: «Meniň umman ýaly ruhy we maddy baýlygyň eýesi bolan il-halkym bagtlydyr. Onuň ertirleriniň abadanlygynyň binýadyny gurmakda, goý, bize ýagşylar ýaran bolsun! Ertiriň abadan, ýoluň açyk bolsun, mähriban halkym!» diýen sözler bolsa biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Dünýämizi mähir bilen gurşaýan Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti bolmagyny, çuňňur pähim-paýhas eýesi bolan dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Bize ähli babatda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk işleri uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin.
Akjagül Jumagylyjowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.