Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy.
Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy meýdany 71 gektar bolup, ol paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Awtomobil sport toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagy bilen tanyşdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe toplan Milli Liderimizden täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu künjegiň tebigy aýratynlygynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar. Şu maksat bilen, Garagum sährasynda sazagyň we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 million 320 müň düýbüniň ekilmegi meýilleşdirilýär.