SIZDEN GELENLER

Arkadag şäheriniň belent ykrary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gitdigiçe ýokarlanýandygyna biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda uly ösüşlere beslenýän ýylynyň dowamynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Tamamlanyp barýan ýylda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Bu gün türkmen şäherlerine we obalaryna şeýle durmuş mahsus bolup durýar. Olaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň gurduran Arkadag şäheri bolsa bütin dünýäniň ýokary bahalaryna we halkara sylaglaryna mynasyp bolýar. Munuň özi diňe bir şäheriň däl, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini hem aýdyň görkezýär.

Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy agzybir jemgyýetimizde uly joşgun, buýsanç duýgusyny döretdi. Bu gün milli Liderimiziň başlangyjy bilen düýbi tutulyp, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan we gurluşygynyň ikinji tapgyryna başlanan Arkadag şäheri döwrüň beýik gudraty derejesine eýe bolýar. Hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, durmuşa geçirilýän üstünlikli ösüşler Arkadag şäheriniň «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine eýe bolmagyna mümkinçilik berdi. Hil boýunça halkara giňişliginde abraýly baýragyň berilmegi Arkadag şäherini milli we sebit derejesinde hil taýdan ýokary derejesini ykrar edýär. Ýene-de bir guwandyryjy habar Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylandygy bilen baglanyşyklydyr.

«Akylly» şäher konsepsiýasyna hem toplumlaýyn çemeleşmä esaslanýan, belli bir döwürde ençeme desgany öz içine alýan täze bir ýaşaýyş we işewürlik toplumlaryny, durmuş-medeni maksatly binalary özünde jemleýän iň döwrebap, täze inženerçilik we binagärlik çözgütlerine esaslanýan şeýle ilatly merkeziň — döwrebap şäheriň gurulmagy ýaşlar üçin hem täze döredijilik mümkinçiliklerini döredýär. Täze şähere binagärlik, ekologiýa, hil derejeleri mynasybetli gowşurylan halkara baýraklar eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen möhüm döwlet resminamalarynyň arasynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem bolmagy tebigy we kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan güýje girizilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Arkadag şäheri üçin «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenildi. Konsepsiýada täze şäheri bellenen döwre çenli hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary jemlenýär.

Geçen ýylyň iýunynda şäheriň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi diňe bir ýurdumyzyň taryhynda däl, eýsem, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman gurluşyk ulgamynda hem möhüm ähmiýetli waka boldy. Şäheriň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly» şäher diýen ykrarnama eýe boldy hem-de dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynyň binagärlik-inženerçilik taslamasy döwrebap durmuş, edara ediş, söwda, medeni we beýleki maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 336-syny öz içine alýar.

Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz iri we ähmiýeti uly gurluşyk taslamalaryny öňe sürmek bilen, olaryň durmuşa geçirilişiniň ähli tapgyrlaryny hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Bu häzirki wagtda ikinji tapgyry gurulýan «akylly» şäher babatda hem şeýle. Milli Liderimiz möhüm döwlet we jemgyýetçilik işleriniň köpdügine garamazdan, täze şäheriň arhitektory hökmünde taslamalar we gurluşyklaryň gidişi bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherinde yzygiderli iş saparlarynda bolýar.

Diňe öz halky barada çynlakaý alada edýän adamlar öz başlan işini soňuna çenli alyp gitmäge ukyplydyr. Gahryman Arkadagymyza egsilmez güýç-gaýrat berýän zat halkyň şatlygy — bagtyýar durmuşydyr hem-de Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan tükeniksiz alkyşlardyr. Adamy begendirmek, şol begençden lezzet almak — beýik adamkärçiligiň alamaty. Adamlar üçin has amatly durmuş şertlerini döretmek bolsa Türkmenistanyň tutuş döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Bu ynsanperwer ýörelge Arkadag şäherinde hem öz aýdyň beýanyny tapdy.

Aýjemal Rahmedowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Geçmişden geljegiň hakydasy

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry