BIZNES

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

16 – 18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berýär.

Çeşmede bellenilişine gör, sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler, himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary tanyşdyrylar.

Ýeri gelende bellesek, «Iran Agrofood» oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergidir. Onda oba hojalyk toplumynyň gazananlary, gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalar, enjamlar hem-de himiki serişdeler tanyşdyrylýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy