SPORT

Messi: Azerbaýjanyň medeniýeti bilen tanşandygyma şatdyryn

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy Lionel Messi we topardaş ýoldaşlary Luis Suares, Serhio Buskets we Žordi Alba azerbaýjanly janköýerleri bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň beren Messi bu ýurduň medeniýeti bilen ýakyndan tanşandygyna örän şatdygyny aýtdy.

“Baku Crystal Hall” merkezinde geçirilen duşuşykda Messi barada gysgaça film görkezildi. Soňra Messi we topardaş ýoldaşlary sahna çykyp, özüniň azerbaýjanly ýaş futbol janköýerleri bilen duşuşdy. Olara özleriniň gollary bilen futbol toplaryny sowgat etdiler.

Şeýle hem bu merkezde belli aýdymçylar Willi Uilýam hem-de “Morandi” topary aýdym-saz bilen çykyş etdiler.

Bu dabarada gazanylan girdejiler haýyr-sahawat işlerine gönükdiriler.

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý