HEKAÝALAR

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Ýaz paslydy. Bu pasyl howan salkyn bolup, köplenç ýagyş ýagýar, güller açylyp asmanda älemgoşar çykýar. Mähriban käbäm maňa bu pasylyň gelmegi bilen ýer ýüzi täzeden janlanýar diýerdi. Şonuň üçin her ýyl ýaz paslynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşardym. Men dört ýaşymdadym. Bu waka hem şol ýaz günlerinde bolupdy. Biziň depseň yranmaz ojagymyz bir günde derbe dagyn boldy. Maşgalamyzda kakam ejem bilen men bagtly ýaşaýardyk. Kakam işgär adam, öýüň hemme keşbi ejemjanda. Öýüň işleri oň daşyndan mallarymyz bolansoň ejemden başga seretýän ýok. Kakam irden gidip agşam geýär. Öý işlerine mal garakän eli degenok. Ejem agşam kakam gelýänçä hemme işleri dynýady. Soňky wagtlar kakamjana bir zatlar boldy. Kakam agşamara gelip, dawa-jenjel edýärdi. Ejemjan kakamyň düzeler umydy bilen ýaşap aýlar günler geçdi. Gündiz öýüň işleri, gije bolsa kakamyň çekilmez haly. Gündüzlerine ejem bilen men köplenç mallara iým bolsun diýip, ot ýygmaga gitýädik. Men kiçiräk bolamsoň ot-a ýygyp bilemok, ýöne ejemiň ýygan otuny ýygnaşýaryn, ejemjan gerek otuny ýygnandan soň ýolda gaýdanymyzda men ejeme çagalar bagynda mugallymyň öwreden aýdymdyr goşgularyny aýdyp berýärin. Bir gün ejem ikimiz otdan gelenimizde ýaraman ýykyldy. Men ejemjanyň ýanyna ylgap baryp, eje ejejan näme boldy diýip gygyryp başladym. Ejem hiç hili ses çykarmady. Daş- töwerekde adam gara ýok, men bolsa goňşy Maral daýza ylgadym. Maral daýzany alyp öýe geldik, ejem sol durşuna ýatyrdy. Maral daýza gygyryp goňşulary çagyrdy, gonşular gelip ejemi öýe saldylar. Soň öýe tiz kömek geldi. Öýmüz adamlardan dolup başlady, birnäçe wagtdan soň tiz kömek gitdi. Men ejemjan gowy bolandyr diýip öýe girjek bolamda bir daýza sen heniz çaga olar yaly ýere barmaly däl, bar daşaryk çyk diýip öýe salmady. Men bolsa ejemjany göresim geýädi, birdenem öýdäki daýzalaň aglaýan sesi eşdildi, men gorkup ugradym, kakamy gözläp her ýana ser saldym. Kakamjany näçe gozlesem-de ol öýe gelmändir. Meniň bar pikirim ejemjandy, ýanyna baryp gujaklasym geýärdi, maňa hiç kim üns bermedi. Kakamam ýok şol irdenki işe diýip çykyp gidişi. Birnäçe wagtdan soň menem biriniň ýadyna düşdüm, aňyrdan Maral daýza gaty ýöräp ýanyma geldi-de “Myratjan otyrmyň oglum” diýip elimden tutyp öz gelni Jeren gelnejeme elimi tutdyrdy-da, öýe alyp git goýberäýme diýip tabşyrdy. Men elimi sypdyrdymda, Maral daýza ejemjanyň ýagdaýlary gowumy, maňa ejemi görkezäý, meni öýe ejemiň ýanyna salanoklar diýip agladym. Maral daýza bolsa maňa üns bermän, meni diňlemän aňyrsyna bakyp gitdi. Soňra Jeren gelnejem elimden tutup ýöredi, men bolsa hiç hili gidesim gelmedi. Gitsem bir zat menden daşlaşýan ýaly boldy.

Şondan soň aradan ýedi gün geçdi, Maral daýza meni öýe alyp geldi. Ylgap öýe ejemiň ýanyna girdim welin öýde hiç kim ýok eken, birki sany daýzalar gapydan girdim welin maňa seredip sen Gözeljanyň oglusyň gel oglum diýip seslendi. Men olary diňlemän daşaryk çykyp daş-töwerege seredemde aňyrda kakam Myratjan oglum gel hany bärik diýip gygyrdy, men kakamyň ýanyna baryp, kakajan hany ejem öýe girip gördüm ýok eken, meniň ejemi göresim geldi çagyraýdaýa meni ejemjanyň ýanyna alyp gidäýda, diýdim näme üçindir bilemok kakam maňa ýüzi gaýgyly halda seredip ep-esli durdy. Men ýaňky sözlerimi täzeden gaýtaladym welin kakam “Oglum Myratjan ejeň indi ýok ol bizi goýup, jennede gitdi, ol indi gaýdyp gelmez oglum” diýip sözüni soňlady, men bolsa ýok sen aldaýaň, ejem geler, ol ota gidendir, sen meni aldaýan men ejemiň ýanyna ota gitjek diýip ylgadym, kakam yzymdan ýetip meni gujaklap oglumjan  ejeň indi ýok gelmez diýdi. Şeýdip şol günden soň ejemiň gaýdyp gelmejegine düşündim, ýöne men şonda-da ejeme geler umydy bilen garaşdym. Kakam bolsa şol öňki endigini dowam etdi. Maňa Maral daýza seredip başlady, meniň alty ýaşym doldy. Maral daýza okuw eşikleri alyp geýdirdi, meniň mekdebe bolan höwesim ejemjan barka ulydy, inni welin hiç hili mekdebe gidesim gelenok. Mekdep başlady, her çagaýanynda ýa ejesi ýa-da kakasy bardy, meniň ýanymda olaryň ikisem ýok, men şeýlebir kemsindim aglasym geldi, ýöne Maral daýza meniň aglajak bolanymy bilip “Balam Myratjan sen okamaly, ejen bilen kakaňam bolan bolsa-da şony islärdi sen uly adam bolup ýetişmeli” diýdi. Şol günden soň men dine okuwa üns berdim, orta mekdebi dynyp ýokary okuw mekdebine girdim. Men uly adam bolsamam maňa mydama ata-enemiň mähri ýetenokdy. Men olaryň ikisinem göresim geýär. Ýokary okuw mekdebini dynyp ilki bilen öz öýüme bardym, uzak wagtlap oturdymsoň Maral daýzamyň ýanyna barsam Maral daýza dünýäsini täzeläpdir. Maral daýzanyň gelni Jeren gelneje Myratjan geldiňmi sagaman saňa biri garaşyp dur diýip bir adamy gorkezdi. Ýanyna barsam kakam eken, men ilki kakamy tanamadym, onuň ýüzi daş keşbi üýtgap gidipdir. Ol, Myratjan oglum diýen sözünden tanap bildim. Her näçe kakamdan öýkeli bolsamam ony gujakladym. Kakam eden ýalňyşyna düşünip menden bagyşlamagymy sorady. Käbämä ýok, kakamam täzeden ýitiresim gelmedi. Şondan soň öz öýmüze gitdik.

Aýsona Tazylyýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri