SIZDEN GELENLER

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Eziz Watanymyz syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň baý däpleri täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap ugurlaryny özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşygy, halkymyzyň taryhy-medeni özboluşlylygy, baý milli mirasy, dünýä meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler, täsin tebigy ekologiýa ulgamlary syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäginde hem daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan türkmen topragynyň tüýs jahankeşdeleri özüne baglajak mekandygy aýratyn nygtaldy. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine berýän ünsüniň netijesinde, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklara gol çekildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Filippinler Respublikasynyň, Malaýziýanyň, HHR-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň taslamasynyň taýýarlanylmagy geljekde bu ýurtlar bilen hem syýahatçylyk gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine öz täsirini ýetirer.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna (CAREC) hem işjeň gatnaşýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde AÖB-niň ýardam bermegi esasynda «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça sebitde syýahatçylygyň durnukly ösüşi» atly sebitleýin tehniki kömek taslamasynyň çäklerinde «VisitSilkRoad» atly portal döredildi we onda ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalary baradaky gyzykly maglumatlar ýerleşdirildi. Maksatnamanyň çäklerinde geçirilen iş toparynyň mejlisine we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyna hem işjeň gatnaşylýar.

Türkmenistan medeni-taryhy ýadygärlikler bilen bir hatarda, özüneçekiji tebigy ýadygärliklere hem baýdyr. Köpetdagyň ajaýyp künjekleri, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, Amyderýanyň kenar ýakalary, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropiki ýerleri, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenary ekologik syýahatçylyk üçin örän täsirli ýerlerdir. Bathyz, Repetek, Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalaryň çäginde türkmen topragynyň köp görnüşli faunasy we florasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bar.

Türkmenistanyň tebigaty özboluşly täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Arçabil we Gökdere jülgeleri Köpetdagyň iň gözel ýerinde ýerleşendir. Bu ajaýyp jülgelerde arassa dag howasy, çogly güneş, howanyň gündelik üýtgemesi adama ruhlandyryjy, şähdiňi açyjy aýratynlyklary bilen täsir edýär. Günbatar Köpetdagyň iň gözel ýerleriniň ýene-de biri Aýdere jülgesidir. Ol dag-sähra häsiýetli howasy, ösümlik we haýwanat görnüşleriniň köpdürlüligi, onlarça dury suwly çeşmeli gözel dereleri, köne galalary we gadymy döwürden galan taryhy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda ýerleşen hem-de tebigy ýadygärlikleriň toplumlaryny özünde jemleýän Köýtendag ekosyýahatçylygy ösdürmekde ajaýyp mekandyr.

Türkmenistanyň sagaldyş-dynç alyş we şypahana pudagy hem ösendir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde pudaga degişli desgalaryň, olarda ilata berilýän hyzmatlaryň sany gün-günden artýar. Hazaryň arassa türkmen kenary ýylyň dört paslynda-da öz gözelligi, ajaýyplygy bilen haýran edýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara we ýerli syýahatçylyk üçin täsirli ýerdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.

Kemal Annaýew,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk