SIZDEN GELENLER

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir» diýip bellemegi hem ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan, alymlaryň, ylmy işgärleriň has-da döredijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamalarydyr. Ýurdumyzda döwrebap täze mekdepler, çagalar baglary, ýokary okuw mekdepleri açylyp ulanmaga berilýär. Şunda bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryndan netijeli peýdalanmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, iş başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işleri utgaşdyryp dowam etdirmek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şu wezipelerden ugur alyp, öz işlerini göwnejaý guraýarlar, dürli bäsleşiklere, halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar.

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň rus dili mugallymlarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, geljekki mugallymlara öwredýän daşary ýurt dillerini okatmakda bilim tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmagy başarmagy, dili öwrenilýän ýurduň medeniýetini we taryhyny bilmegi möhümdir. Bu babatda rus diliniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek, dünýä tejribesine laýyklykda rus dilini okatmagyň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek, rus dilini öwretmegiň innowasion usullaryny jemlemek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak esasy ugurlardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu resminama mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny seljermegi, umumylaşdyrmagy we kämilleşdirmegi, okatmagyň üznüksiz ulgamynyň nazary we usulyýet esaslaryny işläp taýýarlamagy, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny öz içine alýan daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz ulgamyny döretmegi, Türkmenistanda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamak, daşary ýurt dillerini okatmak we bu ugurda bilim bermek işini döwrebaplaşdyrmak wezipesini goýýar.

«Dil bilen dünýäni gezer» diýlişi ýaly, dil öwrenmek wajypdyr. Biz — mugallymlar döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan asylly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülşat Annasähedowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri