BIZNES

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy

“Tesla” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory (baş direktory) Ilon Mask “Fortune” žurnalynyň taýýarlan işewür dünýäsiniň iň güýçli 100 adamyň sanawynda birinji orny eýeledi. Sanawda 30-dan 90 ýaşa çenli 40 pudagyň ýolbaşçylary bar.

Sanawda Maskyň “SpaceX” we “Neuralink” kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri beýan edilýär hem-de işewüriň syýasata has köp wagt sarp edýändigi we Donald Trampyň iň görnükli tarapdarlarynyň birine öwrülendigi bellenilýär.

Sanawda ikinji orunda barýan “Nvidia” kompaniýasyny esaslandyryjy we ýerine ýetiriji direktory Jensen Huangyň kompaniýasyny emeli intellektiň ösmeginde iň möhüm firmalaryň birine öwrendigi nygtaldy.

Sanawda üçünji orunda “Microsoft” kompaniýasynyň baş direktory Satýa Nadella bar. Nadellanyň 10 ýylda bulut we emeli intellekt ýaly iki sany uly özgerişligi üstünlikli amala aşyrandygy bellenilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy