SPORT

Bir duşuşykda 14 gol: täjik futbolçy dünýä rekordyny goýdy

Täjigistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hüjümçisi Muhammad Nazriýew milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşykda iň köp gol geçirip, dünýä rekordyny goýdy.

16 ýaşyndaky futbolçy Aziýanyň Kubogy ýaryşynyň saýlama tapgyrynda 17 ýaşa çenli Täjigistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Guamyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda 14 gol geçirdi. Bu duşuşykda Täjigistan Guamy 33:0 hasabynda utdy.

Mundan ozal, FIFA-nyň howandarlygynda geçirilen milli ýygyndylaryň arasyndaky resmi duşuşykda hiç bir gutbolçy şeýle köp sanda gol geçirmändi.

Mundan ozal, 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Awstraliýanyň ýygyndysy Samoany 31:0 hasabynda utupdy. Şonda awstraliýaly Arçi Topmson bu duşuşykda 13 gol geçiripdi.

Muhammad Nazriýew Duşenbe şäheriniň “Istiklol” toparynda çykyş edýär. Ol 2014-nji ýyldan bäri Täjigistanyň çempionatynda oýnap gelýär.

Täjigistandan soňra Guamyň ýygyndysy Omandan 18:0, Singapurdan 14:0 hasabynda utuldy.

GUAM BARADA

Guam Ýuwaş ummanyň günbatar bölegine ýerleşýän Marian adalarynyň iň köp ilatly adasydyr. Adada 170 müňe golaý adam ýaşaýar.

1996-njy ýylda Guam resmi taýdan FIFA-nyň agzasy boldy. Şondan bäri FIFA-nyň howandarlygyndaky ýaryşlara gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy