DÜNÝÄ

Gruziýada parlament saýlawlary geçirilýär

Şu gün Gruziýada möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresi – parlament saýlawlary geçirilýär. Irden ýerli wagt bilen 08:00-da ýurduň çäginde gurlanan 3 müňden gowrak saýlaw uçastogynda ses berişlik başlady. Ses bermäge hukugy bolan raýatlar şol uçastoklarda seslerini berýärler. 

150 orunly ýokary kanun çykaryjylyk organy üçin 19 syýasy partiýanyň wekilleri bäsleşýär. Gruziýada saýlawçylaryň sany 3.5 milliondan geçýär. Saýlaw uçastoklarynyň aglabasy mekdepleriň, çagalaryň bagynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň çäginde döredildi.

Şeýle hem ses bermegiň elektron ulgamy arkaly ilkinji gezek şu saýlawlarda onlaýn ses bermegi gurnamak mümkinçiligi döredildi.

Saýlawyň ilkinji netijeleri saýlaw uçastoklary ýapylandan soň birnäçe sagatdan soňra belli bolup başlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi