BIZNES

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökün önümçiligini gurar

Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” (Daewoo E&C) kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökün zawodynyň gurluşygyny amala aşyrar. Koreý kompaniýasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň çäklerinde möhüm önümhanany gurar. Bu barada koreý metbugaty habar berýär.

Bu taslama Günorta Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm sahypany açar.

“Daewoo E&C” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çžon Won Çžu Türkmenistanda birnäçe gezek saparda bolup, türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň maksatnamalary boýunça pikir alşydy. Koreý kompaniýasy  ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we innowasiýalary özleşdirmek esasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.

 

Related posts

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda” iki sany gury ýük gämisi gurlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile Tataristan iş dünyası ortak projelere imza atacak

vepa

Birža resminamalary onlaýn kabul edýär